- tabyt
- [ta:byt]Içine meýit salyp götermek üçin agaçdan ýa-da boýradan ýasalan enjam.∙ Ölemde kim «eje» diýip, meniň tabydymy göterer. (A Gowşudow, Powestler we heka- ýalar)∙ Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek. (Myraly)∙ Halnazary merdiwan şekilinde ýasalan tabydyň üstünde ýatyryp, jynaza namazy üçin arassalanan ýere alyp bardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem tabyt - tabydy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.